Öňki beýigiň aladasy

Adam ejizledi, nadara, haýýar,
hüjüm edip ýaşaýardy, howuny
basyp bilse basyp öňden çykanyň,
birdenkä düşündi: haýbat, gykylyk
işlemeýär, sypajak ýok ýüzünden,
ýogsa ozal iň birinji, gürlese,
a soň gelen batyr boldy aş, nana,
ylgady neresse, ýitirmän wagtyn,
başyn egip, belki, geljekki hana,
diýdi: ýurt alsaňyz, eliňiz gelip,
KGB-niň arhiwini açsaňyz,
ýaşlygynda ýalňyşanlar bilinse,
ýagny, ýoldaşlaryn satan, beýleki,
soňky eden gowy işleri üçin,
çenim, durmarsyňyz gulagyn çekip?

Adam ejizledi, gedemdi ozal,
ynanýardy gara şeriň güýjüne,
üstesine çyrşap kyssamy, gazal,
indi bar gaýgysy – açylsa arhiw,
ýa bilinse kimi haçan satany?
Är çykýar içinde dogulan heder,
wah, ozal beýikdi, indi ne eder?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024