Surat

Bir galamdaşa aýdylmadyk söz

Içip, çekse adam bolýan azajyk,
galan wagty azarlaýan, nalaýan;
özi öz-özüne dert bolan bende,
ýeri, näme ýazanda ne,
ýa hiňlenip haýsy heňe,
kime çukur gazanda ne,
özün itip jähenneme?

Pahyr adam şahyr bolmaz, ýasama,
gara güni üçin egilen boýny,
götertmez özüne ýük bolsa ynsan,
irmediňmi öň neşesin ýetirip,
gidensoň bir bes edeli bu oýny,
ýatan ýaly düşeginde, it urup...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024