Sürgün hekaýasy
Yza galsaň, ýa ýaragyň bolmasa,
ýaranyň bolmasa ýakynda, daşda,
eli ýaraglylar alar ýurduňy,
atar, gyrar ýurdy üçin galany,
diri galan başyn egip, gul bolar,
näme diýse, lepbeý diýip ganyma,
ata diýer, baba diýer ganhora
heýkel dikip ortasynda şäheriň,
öz atasyn, babasyny unudar,
ýa-da gider gaýdyp gelmerin diýip,
ene dilin çalşar başga dillere,
özüne däl, başga meňzejek bolar,
ýöne özi bilen galsa ikiçäk,
göz öňüne geler naçar ejesi,
tamdyrtowy getirişse begenip,
tamdyryna çörek ýapan gol çermäp,
ýa ojakda suw ýyladyp, kir ýuwan,
çül-çagasy üçin jan çeken günde,
bu gürrüňi eşitdim men sürgünde.