Bar ýaly
Döwlet başda bar ýalydy,
bar ýalydy kanun-kada,
ýa oglandyk, isleýärdik,
ymtylýardyk gerek zada,
emma birden açyk, aýdyň,
aýdyp, diýmän duýdurdylar,
arzuwymyz dogup gelýän,
dogulmanka buýdurdylar,
alyp gaçyp arlygyny,
aç, ýalaňaç taşlap ýola,
döwlet başda bar ýalydy,
indi aýan bar, hamala.