Adam we çin
Просто им нравится, когда нам больно – Чем нам больнее, тем выше им светит чин. Tatiana Voltskaya
Adama ýaranda urmak,
ýa, aýdaly, hökümete,
agyrýan ýeriňi tapyp,
ýa begense iňňildiňe,
çydaman urunsaň sessiz,
ýa isleseň ölmezligi
çagalaryň üçin, bolman,
ýa-da garry eneň-ataň
gaýgy edip, ogul-a sen,
bagyşlamaz bahyl halky,
urar eli ýetse, elli,
dalar dili ýetse, dilli,
döwlet bolsun ýa bolmasyn,
bahyllar basar başarsa,
çin alsynlar ýa almasyn.