Özboluşly medeniýet
Tonna-tonna gybat eder hökümet,
gije-gündiz radio-twede,
çap eder gybatyn gazet-žurnalda,
ýalanyna ýalan diýseň ýalňyşyp,
geýdirer başyňa otly tagany,
toba edip, gaçsaň, gutulsaň kaýyl,
diri galsaň şükür edersiň alla,
hudaý bolsa, bir ýerlerde çagyryp,
a soň millet gybat eder sen hakda,
ilki dogan-garyndaşyň, ýakynyň,
soňra dosty-ýaryň, bagyşlap bilmän
dowam etseň başlan işiň, taşlaman,
tonna-tonna gybat eder ejizlän,
sebäbi utanar iş etseň gowy,
bu kanuny Gybatystan iliniň,
myş-myşlary bolar murtunyň towy.