Surat

Çörek nobatyndaky oýlanma

Ak sakgally goja ýalançy bolsa,
ak gyňaçly eje ýalançy bolsa,
ýa oýunjak bolsa hapa oýunda,
ulus iliň garşysyna oýnalýan,
gyzyl haly tans edene düşelse,
ýa düşelse bagşylara agysyn,
nalasyny basýan gyrylýan iliň,
näme aýdyp bolar gelejek hakda,
ýa-da geçmiş hakda, agzyň dolduryp,
ata-babaň bilen döşüňe urup,
ili ýa-da özüň nädip aldajak,
ertirden agşama nobata durup?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020