Basybalyjy syýasaty

Basyp alan diňe şu gün, ertirin,
gelejegin ogurlamaz milletiň,
geçmişinem ogurlar ol, sebäbi
bozjak bolar bolsa geçen ýoluny,
diýmek üçin seniň bolmandy ýoluň,
ýa ýodaňy ýitiripdiň bireýýäm,
azaşypdyň diýer, diýer öljekdiň,
gyryljakdyň diýer gyryp ýaryňy,
ynanmasaň, somlar gara gylyjyn,
ynanan bolarsyň, bolmaz alajyň,
käbirleri, belki, gaty ynanar,
okan bolup, bilen bolup içinde,
ýeri, ýurdy, aňy alynan ajyň,
basyp alan kesgitlese kimdigiň,
kim bolmaly çagalaryň ulalyp,
haýsy dilde gürlemeli, bilmeli
kimiň isleýänin, kime geregin,
satylanlar galar ýokarda mydam,
a aşakda hiç gutarmaz gallajyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024