Leňňeç gylygy
Leňňeçler dek gazandaky,
çekseň yza bir-biregi,
asylyşsaň aýak-elden,
ulanman hiç beýni, kelle,
men çykmasam, çykmasyn ol,
diýseň içden, başga dilde,
hem ýaşasaň ýigrenjiňe,
bahyllyga ýesir bolup,
öz-özüňe badak salyp,
gülüp bolar, belki, saňa,
ýa gynanyp bolar daşdan,
emma halas etmez kimse,
aşak çekýän garyndaşdan.