Surat

Internet gykylygy

Diýipdiler oýandy,
diýipdiler daýandy,
tirsegine galdy millet,
ýa-da galdy dyzyna ol,
diýipdiler aýaklandy,
indi dönmez yzyna ol,
emma ýene bolmady,
işlemedi gykylyk,
işlemedi sykylyk,
belki, haýbat ýerine
aýgyt gerek has uly,
akyl gerek akyl ýaly,
nakyl gerek nakyl ýaly,
hemem, meger, ýaşamagy
bes etmeli hyýaly!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024