Watan hasraty
Kanunyň "k" harpy galmadyk ýerde
polisiýa aýlyk alýar müňlerçe,
prokuror aýlyk alýar müňlerçe,
sudýalar hem aklawçylar gazanýar,
bagtly bolýar olar dolduryp türme,
žurnalistler, aýdymçylar, artistler
bagtyň suratyny çekýärler durman,
ezilen il para berip tutulsa,
yrza bolýar, garaz, ölmän gutulsa,
gelejek ýok, ýok umydy alladan,
bilýär onuň ýaşaýanyn jübüde,
ýa baýlygyň bar ýerinde azda-kän,
kanunyň "k" harpy galmadyk ýerde,
hatda biri, ýekeje sag barmykan?