Bozgaklaryň peýdasy
Adam pikir edýär, adam oýlanýar,
ýöne mydam aýdyp durman pikirin,
seredýär daşyna, köplüge ýa-da,
kejir, eňek bolup galman obada,
ilem şeýle diýip, egýär başyny,
ýogsa bilýär, gözi ýetýär köp zada,
durmuş agyr, çünki adamlar üýşüp,
hakykaty goldamaýar, gelmeýär
aýdylmazy aýdyp, ýykylsaň gorpa,
ýa ýalana ýalan diýmeýär açyk,
kä öňünden çykyp, kä öýe gaçyp,
kabul edýär ony sesli ýa sessiz,
sebäbi ol ynanmaýar özüne,
özgäni däl, özün satyp öňürti,
şonuň üçin ýalan ýaşap geçýär ol,
eger-de bir bozgak durmasa dürtüp.