Surat

Adam sapaklary

Biri eziz dogan diýip,
agam diýip, diýip inim,
dilini bal edip geçer daşyňa,
göz dikende egilmedik başyňa,
beýlekisi haýyn diýer yzyňdan,
bolsa, her gün awy gatar aşyňa,
tapan gepin ýa gybatyn ýaýradar,
gara başyň aman bolsa görersiň,
adam oglun päl-niýeti saýradar,
dogry, dymar akyllysy amatly,
has agyrtjak pursatyna garaşyp,
bäri-bärde, aňsat açmaz özüni,
haýsy gowy sapak berer, bilmersiň,
emma bilseň, açar bary gözüňi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024