Ýalan umyt
Ýalan umyt berme ýatan adama,
kommunizm zynjyryna baglanyp,
aýagy däl, ýa eli däl, ýüregi,
beýnisi daňylgy daşa, diwara,
ýalan umyt berme ýatan adama,
özün ýüpsüz asan dara.
Aýt oňa, bolşewik ýa menşewik,
her kim öz oýnuny oýnady, geçdi,
kimse geçdi, dogry, biraz eglenip,
ýa-da uzak çakyr ýerne gan içdi...
Aýt oňa, walla, özüň turmaly,
özüň ýöremeli, özüň barmaly,
hudaý, alla, ýaradan ýok getirip,
bu gün, ertir saçak ýazjak öňüňe,
ýa ýokardan käte oklajak puluň,
ýeter ýaly bolman çaýa, çörege,
diýenmiş hak özüň gymylda, gulum,
ýalan umyt berme ýatan adama,
bolmanda ýassykdan galdyrsyn başyn,
çekmesin ýorganyn üstüne beter,
geljek diýip ýolda galan gardaşym.