Surat

Ýol berilse

Şalar adyl bolmaz, daglar dumansyz.
Bu Pyragy, sakla çarçuwa salyp.
Eli ganly diktatorlar ýykylýar,
wagty gelip ýa-da adamlar galyp,
çökerilen dyzlaryna ýz ýyllap,
ýöne beýlekiler dikeldýär ony,
sebäbi adamhor gerek adama,
özi ýaly adamlary depeläp,
güýçli bolmak isleýäne ozaly,
ilki aýdyp düýpden başga gazaly,
şalar adyl bolmaz, adam hyýalsyz,
özgeleri basgylasy geler oň,
hem basgylar ýol berilse.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024