Surat

Nadara hüjüm

Sen adama hüjüm etme, nadara,
ýagşy, ýaman, öz işine berilen,
ýa ýolundan gidip barýan sowulman,
özüň adam boljak bolup has gowy,
ýa görünjek bolup ulurak, bolman.

Sen adama hüjüm etme, gykylyk,
galmagaly galkan edip ýüzüňe,
her atylan daşyň bolar öz sesi,
ynanjak bol ilki özüň özüňe.

Sen adama hüjüm etseň, şermende,
diňe bir adama hüjüm etmersiň,
saklarsyň milleti ýolundan az, kän,
belki, gelejege zyňyp ýigrenjiň,
diňe ýadyň, kesekiň däl,
öz çagaňam entedersiň dogmanka.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024