Sögülýän ýaşulular

Siz olary, saç-sakgaly agaran,
başlary telpekli, don geýen egne,
il ýüzüne sylan bolup, ýigrenmäň,
öýe gelip sögmäň hapadan-hapa,
çagalara eşitdirip, gowy däl,
näme öwrenmeli çagaňyz sizden,
ikiýüzli bolmagymy,
betbagtlara gülmegimi,
terroryň öňünde dyzyna çöken,
ýok, şu gün däl, çagalykdan,
Stalin adyny eşidip ilki,
ýa-da adyn eşidende Leniniň,
ejesiniň etegine bukulan,
ýa sürgüne sürlüp, gaýdyp gelmedik,
ýiten nesil bilen ýiten adamlar,
durşy bilen türme bolan ýurdunda,
açylmaýan derwezesi daşardan,
a içerden synanyşmak hatardy,
saçlary agardy, sakgal agardy,
düşünmedik bolup ara, namysa,
gorky ekip, şübhe ekip yzynda,
yzdan gelýänlere taýýarlap duzak,
unutjak boldular içip ýa çekip,
eden işlerini ölmezlik üçin,
el çarpyp ýokardan aýdylan gepe,
ýüregiňiz bolsa, gynanyň, emma,
siz olara sögmäň hapadan-hapa!?.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024