Eger
Eger iti, aty öwmek,
tahýa geýmek, telpek geýmek,
ýa toý tutmak haly düşäp ýalandan,
naçarlara dokadylan, biçäre,
don geýdirlen bagşylary bagyrdyp,
ýa gygyryp watan diýmek,
söýýän diýmek ilimi, heý,
watançylyk bolsady,
ýa bolsady agzybirlik agzybir
ýok diýmezlik ýalanyna döwletiň,
diplom almak para berip,
hajy bolmak para berip,
ýa-da günäň geçilmegi günäli,
asy sürüsine berip bermeliň,
tutulýançaň aw gözlemek adamdan,
utar ýaly, üter ýaly,
atar ýaly her hendege, çukura,
çagalaryn ýetim, ýesir, çäresiz,
batgalyga iter ýaly,
bolan bolsa eger baş plan mydam
gulag planyny ýetirmek ýerne,
ýagny, irmän, arman doldurmak türme,
bizden öňe geçen bolmazdy, meger,
eger...