Iliň ýalňyşy
Il diýeniň bolsa, ýalňyşýan däldir. G.Ezizow
Men ilimi goramasam,
sen iliňi goramasaň,
ol ilini goramasa,
il özüni gorap bilmez!
Ilim meni goramasa,
men özümi goramaryn,
iliň seni goramasa,
sen özüňi goramarsyň,
ili ony goramasa,
ol özüni gorap bilmez,
a il bolar ölmez, gülmez.
Gorap bolmaz ili diňe
goşgyň bilen, gepiň bilen,
pyşyrdap ýa galmagally,
daşdan kakýan depiň bilen,
ýatan bolsa, turdy diýip,
ýeňilende diýip ýeňgi,
gorkýan bolsa, diýip batyr,
adam satyp, porsanynyň
üst-başyna sepip atyr,
gorap bolmaz ili beýdip,
ýalan-ýaşryk oda aýdyp.
Ozal iller goralypdyr,
gylyç bilen, galkan bilen,
ata çykyp, gerek bolsa,
ok-ýaýyňy edip taýyn,
naýzaly ýa gyrkylykly,
indi başga döwrür, kelläň
işletmeli eliňden öň,
iň esasy, diliňden öň,
ynanma hiç döşe kakyp,
gygyrýana, jabjynýana,
öz-özüne erki ýetmän,
hiç eken darysy bitmän...
Il azaşar, goltugyna
garpyz berse özi ozal,
hem guwansa garpyzyna,
goçak-goçak, galyň paçak,
buýsansa iň narpyzyna -
narpyz diýmän, iň esasy,
aýňalmaz hiç ýalňyşyndan,
hem bir özi bolar asy.