Sözüň bolsa

Sözüň bolsa, ýüzüň bolsa, bukmasaň,
adyň çyksa, ýagşy-ýaman tanalsaň,
sözüňi ýalana çykarjak bolup,
ýa-da çekjek bolup ýüzüňe gara,
yhlas eden, işin goýan az bolmaz,
eli ýetse, etjek bolup çar-para,
bolmasa-da ýetip gelen ýykylsaň,
ýa garaşan köp bor daşdan seredip,
indi näder ýa-da näme bor diýip,
işiňi et, işin etsin bahyllar,
bagtly bolýan bolsa öz-özün iýip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024