Ýönekeý sorag
Ýazyjyň ýazmagy gadagan bolsa,
kagyzda däl, iş ýüzünde, elbetde,
ýakasyndan tutup, türmede süýräp,
dymdyrsalar hakykaty aýdany,
aýtmalynyň, diýmeliniň ýerine,
sen aýdýarkaň aýt diýlen aýdymy,
diňleýärkäň bagşylary satylan,
daýhan bolsa goly bagly gul mydam,
işçi bolsa, çuň girdaba atylan,
sen nämüçin ýaşamaly owadan,
dükanyndan çörek alyp döwletiň,
durşy bilen bolan birçak kapasa,
ýapylsa kän açylmaýan gapysy?