Sadalyk we syýasat
Ejeleri diýýär barma, görünme,
kakalary diýýär çykarma sesiň,
özleri hem dyzap, barjak bolanok,
kim ölýär, kim galýar, görjek bolanok,
ýa ölene diýse millet gowudy,
erbetler däl, gowy geke huda-da,
başyn atyp ylalaşýar gürrüňsiz,
tutulany görýär diňe TW-de,
öz-özüni näletleýän, aglaýan,
düşünenok näme bolýar aslynda,
tutulan mamlamy, mamlamy TW,
ähli zat gowudy, hiç jenaýata
baş goşmaga esas ýokdy diýende,
onda name türmä gidýär adamlar,
onda näme hemme bolýar şermende,
bu zatlar hudaýyň, allanyň işi,
düşündirýär jübüsine göz diken,
para berip, hajy bolan bir bende,
hem iýjegin aldap gazanýan günde,
bilýänler bar iki-ýeke, elbetde,
akylly gojalar, emma döwülen,
hem diýýärler iň gowusy gepleme,
döwlet öňler arabaly tutardy,
köp adamy Sibir taýa atardy...
Olar goşulmaýar, barmaýar ýanna,
emma syýasatyň bir bolşy mydam,
özi gelýär gelmedigiň öýüne,
döwlet maşynyny sürüp üstünden,
elinde sapança, mün diýýär ümläp,
hem äkidýär gezdirmäge günortan,
ýa agşamlyk, eli degen mahaly,
adam bolýar bagty ýatan.