Partiýa käýinji

Hökümet höküm et diýmek bolanda,
Gazak aga aýtmyşlaýyn, žurnalist,
üstesine komsomolyň agzasy,
otuzynjy ýyllar, syýasy işgär,
Daşhowuzda kolhozlara aýlanyp,
maşynly hem sapançaly jübüsi,
pagta ýygýan aýallary bir-birden,
gezmäge äkitse, barmak çommaldyp,
çydaman gazete makala ýazsaň,
çagyryp diýerler "Bilmeýärmidiň,
syýasy işgäre degmek bolmaýar?"
"Bilýärdim" diýersiň, "ýöne edýäni,
sygýarmy oň kanun, kada?"
Partiýa başlygy diýer gaharly:
"Seň işiň däl, haramzada!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020