Miras

Bolmasa hiç ynanmaga sebäbiň,
duzagyna düşme isleg, arzuwyň,
ozal satan taýpa ýene-de satar,
aýby bolar uzyn boýny ak guwuň.

Ynanma, bolsa-da ynanmak zerur,
öwren bolsa ýaşamagy ynanman,
kesbi-käri çapmak bolan taýpalar,
ýeňinde aýpalta gzlär bigüman.

Galkanyňy taýyn sakla hemişe,
a gylyjyň ýanýoldaş et ýataňda,
bu talabyn gaty görme durmuşyň,
mirasdyr ol galan garry ataňdan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020