Durmuşyň manysy
Meaning in life is something that you create! Neil deGrasse Tyson
Mekdep saňa öwrenmegi öwretse,
gömükligi öwretmese, tersine,
ýa ýalana itermese ýaşlykdan,
eneň, ataň öwrenmegi öwretse,
öwretse doganlar, daýy, ýegenler,
öwretse keseki öňüňden çykan,
ýagşy, ýaman ýa aralyk, parhy ýok,
bir zatlary aňlamagy, görmegi,
durmuş saňa öwerenmegi öwretse,
ömür saňa öwrenmegi öwretse,
belki, öwrenmekdir manysy onuň,
ömür saňa oýnamaga oýunjak,
ýa ýalançy diýen bolup bu dünýä,
ýalançylyk üçin berilmez, eger
arasynda çynyň bilen ýaşasaň,
gözleseň hem tapjak bolsaň özüňi,
a tapaňsoň goýsaň özüňe hormat,
ikilik etmeseň özüňe ilki,
hem sylasaň sylag näme, bilýäni,
durmuşyň manysy şu bolar, belki.