Aljyran adam

What Paul says about Peter tells us more about Paul than about Peter. Baruch Spinoza

Poluň Piter hakda aýdany, belki,
dogrudyr az-owlak ýa-da durşuna,
ýa ýalandyr başdan-aýak, sebäbi,
ýarym hakykatdyr, galan ýarysyn,
jany bar sözlerin puja çykaran,
ýigrenji ýa bahyllygy bat alyp,
adamy urandyr atyndan pylçap,
şeýle bolýar gözi gapylsa kişiň,
biraz üstünlikden aýlanyp başy,
ýa-da päl-niýeti ýaman bolanda,
öz ýüzüni açýar oglan, aňşyrman,
pesliginiň aşagynda galanda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020