Diri bolmagyň manysy

Sen obaňdan çykyp, gitseň söweşe,
ýeňilseň söweşde, deň bolman güýjüň,
ýesir düşseň, goluň bagly zyndanda,
aç, suwsuz otursaň, ýaraňy ýalap,
garyp ejeň gelse yzyňdan aglap,
garyp kakaň gelse, terrorçy döwlet,
ganly gözlerini dikse aýyrman,
dogan-gardaş, dosty-ýaryň yzarlap,
çyzyk çekip çykyp bolmaz daşyňa,
dawa salsa ogul-gyzyň başyna,
çykyp gaýdan obaň ýaly ýüz ýyllap,
guly hem gyrnagy edinmek üçin
näme bolar diriligiň manysy,
otsuz ojak ýaly, sowasaň öçüp,
döwjek bolman gapylary demirden,
ýykjak bolman diwarlary daş, kesek,
ýa ýykmajak adamlara ynansaň,
kime ýa-da nämä öwrülersiň sen?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024