Jogapsyz sorag
Näme gürrüň etjek adamlar bilen,
goý, doganyň bolsun ölüp, dirilen,
satlyk adamlaryň öňünde ejiz,
bir dili däl, aňy bagly oturan,
seniň eliň daňylanda arkaňa,
seniň diliň çekilende ýeňsäňden,
ýa bolýarmy ýalan-ýaşryk sözleseň,
ýylgyrsaň ýüzüne ýylgyrsa biri,
bilip durkaň kim hem nämä ýylgyrýar,
ýa-da ölüp, bolan bolsaň ýalandan,
öňkiň ýaly janly, diri?