Ynam meselesi

Hawa, ýaşsyň, ynanasyň geler kän,
ýogsa, ynanmaga ýokdur esasyň,
dil tansyny eder öňüňde her gün,
ertir ähli aýby açyljak asy.

Hawa, ynanarsyň, alajyň ýokdur,
ertir maňlaýyňy ýarjak diwara,
suwarsyň jaýrygyn, umydyň bardyr,
belki, öldir etmän beýle masgara.

Ýöne geçer bu döwürler, birdenkä
ynanman başlarsyň hatda özüňe,
kim men, näme ýa-da nirä barýaryn,
äýnek dakyp, bakarsyň öz ýüzüňe.

Arman tanamarsyň, başgasyň çünki,
ol ozalky oglan ýat ýa keseki,
ynanan ýurduna süýreseň gitmez,
aýagyndan ýa-da dilinden çekip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020