Päl meselesi

Niýetinden gutulmazmyş hiç adam,
ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok,
ne içerde, ne daşarda, ozal, soň,
oýnasyn ol haýsy oýny kim bilen,
ýa-da kime gursun hile-alyny,
ýa bukulup, deşsin özgäň salyny,
goý, basylyp gaçsyn hytaýly, hindi,
pälinden gutulan bolmanmyş şindi,
näme bolsun ýeten ýeri, alany,
bulut bolup, tutsa gögi ýalany,
bolmajakmyş öz bälinden gutulan,
mundan soňam, seredeli, bakaly,
näçe jowur, ak bolsa-da sakaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024