Surat

Edermenlik

"How many of them fell into this abyss..." Marina Tsvetaeva

Kimiň näme tapawudy, parhy bar,
bu gün azat, wezipeli hem möhüm,
ertir gaçgak, bagty çüwse, başarsa,
başarmasa galýar gara zyndanda,
gör, näçesi gaçdy iliň çukura,
ozal diňe başga üçin gazylan,
ýa-da kysmat başga üçin ýazylan,
sowatly, sowatsyz, ogruja, dogry,
kimiň azaryna, kimiň parhyna,
çagasyna gerek bolmasa adam,
doganyna gerek bolmasa adam,
dolanana, çykanyna, işleşen
ýoldaşyna gerek, derkar bolmasa,
dili uzyn diýjegini bilmese,
ýa-da çaksa bile-göre, edermen,
käşgä şeýdip, biri galsa, ölmese.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024