Surat

Ýurt we adamlar

Ýurt ýykyldy aýagyna orramsyň,
kim ýykdy ýa kömekleşdi ýykmaga,
bu ullakan sorag, jogaby müşgül,
sebäbi ýurt bäş-üç bolup ýykylmaz,
belki-de, öň millet ýykyldy gaty,
sowet-bolşewigiň adyl urşunda,
aýdaly, baýlara, talaňça garşy,
olar diýdi proletar ýeňmeli,
ýeňmeli dünýäde ýoksullar baky,
emma ýoksul bir-birini ýigrendi,
baýlardan soň, beglerden soň talanan,
çünki talap, baý, beg bolup bolmaýar,
ilki biraz aldasaň-da özüňi,
garnyny doýurmak mümkin bolsa-da,
gözüni doýurmak müşgül adamyň,
açgözlügiň dermany ýok ölümden,
ýa gabyrdan başga, siňe seretseň,
gowy bolmak üçin diňe pidanyň,
ezileniň roluny almaly,
hemem daşy çem gelene salmaly,
aglamaly men beýle däl, eýledim,
emma şeýle boldy, alaçsyz galdym,
deň bolmadyk söweş näme etdirmez,
olaryň ýaragy, adamlary kän,
tut diýilse, daşdan atyp öldürýän,
hakykat ýok bu dünýede, adam bar,
ikiýüzli, bahyl, açgöz, ýalançy,
diňe görýän hemme zady bir ýerden,
öz gözünden, bähbidinden keltejik,
hemem bir özüni düşünýän diňe,
ol gowy bolmaly, beýik bolmaly,
baý bolmaly, belki, galmaly baky,
görünjek bolmaly adam azajyk,
adam bolup bolmasa-da idili,
nebsiň jylawyny elden gaçyryp,
baý, beg bolup talanýarka ýurt, watan,
agzyn açan bolup ýurduny satan,
ýurt ýykyldy aýagyna orramsyň,
kim galdyrjak ony, dikeltjek ýene,
bakyp bilmän ilki özi gözüne?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024