Şahyrlar we döwür
Ozal iki hili şahyr bolardy:
partiýanyň şahyrlary, aýdaly,
deputat, baýragy, sylagy ýetik,
sebäbi leninçi, saýraýar gözel,
akylly ol, nirde näme diýmeli,
kimleri, nämäni öwmeli, bilýär,
oň yzyndan halkyň şahyry gelýär,
içýän, çekýän, üstesine aýalbaz,
ýa ýaşlykda türmä düşen ogurlap,
aýdaly, köwşüni başga biriniň,
ýa-da arzan aýal bilen bulaşyp,
merdi-merdan, ýoldaşynyň günäsin
öz boýnuna alyp, giden, diňleseň,
birisi kem on ýyl jeza çekmäge,
ýene aralykda bir topar şahyr,
hem partiýa gulluk eden başarsa,
hem halkyndan ýüregini üzmedik,
indi başga döwür, ýazyp bilmeýär,
özün söze, senedine düzmedik.