Adamlar we döwlet
Adamlar zeýrenýär, walla,
çagamyzy okatjakdyk,
diýýärdik biz ýaly kösenip ölmez,
ozal pagta, soňra garaşsyz bolduk,
mekdepleri ýumurdylar, ýykdylar,
ilki ruhnama, soňra arkadag,
diýdik rus mekdebinde okasa,
bolmanda biz ýaly gul bolmaz, gider,
ýat illerde ýaşar adam ýalaky,
emma arzuwmyz bolmady, çünki,
döwlete okuwly adam gerek däl,
öňki okanlardan dynyp bilmänsoň,
adamlar zeýrenýär, walla, bolmady,
alladan, hudaýdan kömek gelmänsoň.