Gandalystan
Altyn asyr bilen gandal,
gör, nähili baglanyşýar!
Gör, nähili ak Aşgabat,
gözüňe görünýär başga,
çünki gandal basyp howun,
giden gidip, galýar daşda,
gözden gitmän gözel ýurdy,
hemem aňy gandallanan,
yzda galan aýal-erkek,
altyn asyr gurujylar aglaýar,
hem aglaýar uran eli gamçyly,
geçirilse bir türmeden
beýlekiniň içine,
demi gelmän, içigip.
Altyn asyr bilen gandal,
gör, nähili baglanyşýar,
direg bolup bir-birine,
ýa ýetirip ýetmezlerin,
müýnüň bolsun azda-kände,
ýa bolmasyn düýpden, tekiz,
howuň basýar barybir ol,
öňki sowet adamy sen,
belki, gyşyk, düzüw basman
ýalňyşansyň geleniňde,
gördüň ozal, düşünýärsiň,
o birisi ogurlasa azajyk,
beýlekisi bütin ömri kemsinýä...
Bu Ezopdan bäri belli, aýdylan,
dardan asar döwlet ownuk ogryny,
irileri alar hökman wezipe,
ýöne, eger-eger, doýup bilmezler,
ýa gurdurmaz altyn asyr hemişe,
çünki, gandalyny gyran tapylar,
ýa gamçyňa garşy duran tapylar,
turanlar tapylar ýerinden bir gün,
maňa muny aýdyp-diýmek gerek däl,
sebäbi ol beýnisinde dürreliň,
sebäbi ol ýüreginde jelladyň,
başgalar däl, şahyrlar däl adamy,
altyn asyr gurjak bolup özüne,
ilki özi eder sürgün.