Il we sen

Sen iliň, milletiň gaýgysyn etme,
ýa ynanjak bolma ynanmaýana,
ýa gynanjak bolma gynanmaýana,
aladasyn etme uly, kiçiniň,
goý, türmede ýitse ýitsin, islese,
ýa-da galsyn baky okuw, bilimsiz,
saňa näme, eger özi bilmese,
gelmese hiç kadasyna dünýäniň,
köp bilenden bolup, bilmezlikden däl,
gülen bolsa, ýa-da görmedik bolsa,
diýeniňi, aýdanyňy diňlemän,
pete-pet gelende, ýoldan sowulsa,
goý, olar bolsunlar akylly senden,
parasatly bolup, galsynlar azat,
gideninde gidip, gelende gelip,
ýat illerde kök ursunlar, edenli
ýaşasynlar, gol uzadyp uzaga,
türmede otyrkaň otsuz, ojaksyz,
sowuk kamerada gagşap aç, suwsuz,
il nämemiş, onlap dogan, dolanan
biri çörek getirdimi yzyňdan?
Ýa türmeden çykyp, sergerdan wagtyň
kim gynandy ýa-da elin uzatdy,
dilin uzatmasa bolupdyň kaýyl,
iliň özi idemese, gelmese,
ýok, seniň däl, öz gadyryn bilmese,
ilim diýip bolma saýyl.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024