Bir gämidäki durmuş

Ýeňilişin özüne goý adamyň,
ýeňiş hasaplasa ýalandan, çyndan,
bilip-bilmän, bolman başga alajy,
gykylygyn özüne goý gygyrsa,
toýlaryny özüne goý,
özüne goý dabarasyn, çäresin,
basyp bilýän bolsa gorkusyn şeýdip,
hemem onuň ýeňilişin ýeňliş däl,
ýeňiş hasaplýan galsyn ýanynda,
özüne jaý tapyp, nedir alajy,
özüni tapmadyk ýa-da ýitiren
hemem gözlemäge gorkanda bende,
ýöne sen alaçsyz özüňi gözläp,
diýen, aýdanyňa diýmedik näme,
eşitmedik bolýan mähelle bilen,
bagtyň ýatsa, bile münüp bir gämä.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024