Surat

Ýürekdäki gara sanaw

Jennet ýaly ýurdum bardy, eý, alla,
dowzaha öwürdi messepsiz, ýuwan,
emma umyt iň soňundan ölermiş,
umydymyz bardy şindi hudaýdan,
bendesinden, arasynda düşüner,
ynsap eder diýip bolman ýalňyşyp,
ýöne indi umydymyz inçelýär,
sebäbi ýüzüni açýan köpeldi,
ýaşasyn söz azatlygy, internet,
o biriniň ölerine gyssanyp,
ýüze çykýar gara niýet, ak niýet,
gara sanaw ýurt içinde däl diňe,
daşynda-da höwes bilen düzülýär,
kandidatlar düzýär ony, geljekde
o bolaryn, bu bolaryn umydy,
az bolarly sürgünde-de, eý, alla,
ilki öz tenine basjak bu ody.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024