Ýeňşiň manysy

Sözlerimi kesä çekmän söýüň siz. G.Ezizow

Hiç kes gülüp bilmez seniň üstüňden,
herne kemçiligiň bolsun, bolmasyn,
seniň özüň ýylgyrmasaň ýalan, çyn,
kim barmyşyn senden artyk, ýa bolsa,
ýa-da kemçiliksiz bilse özüni,
kemsidip, kiçeldip bilmezler seni,
geçmeseň sen hataryna, sanyna
kiçeltjegiň süri-süri elmydam,
belki, kiçi bolup ozal özleri,
wezipesi, işi bolsa-da näme,
äkidip bilmezler gitmejek ýerňe,
stalinler, leninler-de öň-soňky,
sürgün etseler-de Sibire, ýenä,
eger özüň özüň bolsaň, gul bolman,
galarsyň sen öleňde-de kiçelmän,
şol öňki ornuňda, bar bolsa ornuň,
saňa bagly ýeňmek ýa-da ýeňilmek,
ýeňilişi kabul etme hiç haçan,
ozaly ýeňişiň manysyn bilmän,
ýa ýeňiliş näme hakyky munda,
pikir etme ýeňen ýeňiji mydam,
ýa ýeňilen, il-ýurdundan aýrylyp,
seniň ýeňişiňi ogurlan bende,
öler her gün maýrylyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024