Terjimehal

Sen oglandyň, oba sygman,
çykdyň, gitdiň, okajakdyň,
düşünjekdiň dünýä, bolsa
göz ýetirjek aňyrlaryk,
ýyllar geçdi, dolandyň soň,
oba öňki, deň-duş öňki,
hem edilýän gürrüň öňki,
saňa tanyş, nätanyşdy,
sebäp indi başgadyň sen,
gep-sözleriň üýtgeşikdi,
üýtgedipdi ýyllar seni,
diýmek, yza gitmelidiň,
gelen bolsaň nirden, belki,
ýyllar geçdi, şähere-de,
bütin ýurda sygmadyň sen,
türme ýaly daralanda,
täze köne has çuňlaşyp,
ak hem gara garylanda,
kimler tabyn boldy göni,
kim uruşdy, ýaralandy,
ýene çykdyň, gitdiň daşa,
hem bilýärsiň, gaýdyp gelseň,
eşitjegiň şol bir gürrüň,
şol bir umyt, şol bir tama,
olar üçin adat, meger,
emma sen batarsyň gama.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024