Erbet niýet

Türmäni doldurmak adamdan ýylda,
hem boşatmak üçin az-azdan, çekip,
o biri der döküp, işleýär arman,
ýazyna, güýzüne işsizlik ekip...

Sebäp işli adam gerek däl oňa,
ynanýan özüne, ertirki güne,
gorkýan gerek, gerek oňa çekinýän,
het etmejek seretmäge ýüzüne.

Munuň üçin adamlary kanuny
çöregini tapmaz ýaly etmeli,
itmeli, çekmeli bikanun işe,
hem kem-kemden gazananyn ütmeli,
soň atmaly türmä, gara zyndana,
çagalaryn ýesir edip öýünde,
ulus ili tussag etmek, eý, aman,
bolsa erbet ýokarkynyň küýünde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024