Milli minnet

Geleňsiz ýaşaýyş, geleňsiz durmuş,
"boş ber" diýen bolup gürlese biri,
öz günüň geçýärkä gülmek, oýnamak,
ýa günüňi, özüň bilýäň, geçirmek,
başyň egip, kim-kimlere ýaranyp,
pikir etmän ertir, birigün hakda,
ýaşan bolmak ýüzüň açman, saranyp,
bu bir şahsy mesele däl artykmaç,
belki, milli betbagtlygy milletiň,
öz-özüni ýere sokýan, ýitirýän,
aşagyna salyp milli minnetiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020