Ajyň ölümi
Açlyk syýasaty gowy işleýär,
gowy bilýär muny türme sakçysy,
şonuň üçin türmä gelen azygy,
gerek bolsun, ýa bolmasyn almaly,
bermeli däl gözün dikýän tussaga;
açlyk syýasaty gowy işleýär,
gowy bilýär muny hökümetbaşy,
adamlary näçe salsaň gyssaga,
näçe erbet basgylasaň, entetseň,
şonça asgyn, aşak egilýär olar,
ak sagally gojalary has beter,
ozalky kommunist, şindiki hajy,
iliň ýaşulusy hem uly ajy,
bokurdagy üçin iki dünýäsin
berýär soralmanka ikelläp, eglip,
agzyndaky çöregini aldyran,
aç adamlar ölýär içinden döwlüp.