Şahyr bardy

Şahyr bardy, bagtyýardy,
garaşly bolsa-da ili,
agzasydy komsomolyň,
baýragyny aldy soňra,
partbiletli boldy soňra,
goşgy ýazdy joşup uly,
ýöne soňra baýap puly,
Sowetsistan yraň atdy,
partiýanyň bagty ýatdy,
bagtly boldy ýene şahyr,
goşgy ýazdy joşup uly:
"Ata watan, Türkmenistan garaşsyz!"
Emma özi garaşlydy pahyryň,
diktatora başyn egip, ýallaklap,
hödürledi sandan galan aýalyn,
gep gözledi göwün açjak, owadan,
deregine alyp iki manadyn,
kän işledi, gaty ardy,
ýöne bir gün gözün ýumup gutuldy,
tabşyransoň amanadyn,
şahyr bardy, bagtyýardy!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024