Durmuş dowam edýär

O birisi öldi hemem ölmedi,
ýalan bolup çykdy ölümi hatda,
soň beýleki ölen bolup oýnady,
bolmasa-da diri bolup aýatda...

Durmuş dowam edýär, ölen yzynda,
ýa galan yzynda ölüp bolanok,
ýalançy kän çynçy bolup oýnaýan,
emma gülkiň tutup, gülüp bolanok,
her kes bakýar aýnasyndan özüniň,
öz çüňkünde gydyrdanýar her adam,
şondan durmuş bir galyba sygmaýar,
dyzasa-da gözi gyzaran nadan,
öldürse-de müňläp, milýonlap ejiz,
çaga-çuga diýmän, ýaragly baryp,
adam talan baý bolmaýar, geň ýeri,
ýa hemme talanan bolmaýar garyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024