Ýaşamak meselesi
Ýaşamagy öwreneli, Baýramgül,
besdir gaýgy, besdir hasrat, alada,
ýaşamagy islemeýän gedeme,
ýa dürslügi islemeýän galada,
näme berjek bolsa eliňde allaň,
ýa ýaradan taňryň gudraty, güýji,
pul berseň, mal berseň, az görer adam,
a maslahat, akyl gerek däl kimsä,
okajak däl, oýlanjak däl bigeleň,
seniň, meniň etjek zadym ýok, kileň,
ýerden ýörän bolsa, akylly bizden,
gygyrýarlar, gargaýarlar, ýa bolsa,
başga has beterin etjekler olar,
Sapardan has aňryj ötjekler olar,
hem gahryman, hem edermen boljaklar,
nadan bilen oýnamaly, bes, janym,
ýapraklaryn, gaçsa, almaň işikde,
ýa armydyň, arman-irmän ýygnaly,
gül ekeli, mör-möjekden goraly,
bilmedigmiz internetden soraly,
öwreneli ýaşamag, Baýramgül,
hem çörejik gyzardaly ajyksak,
goý, olar, has begler düşensin haly,
ýa-da iýsin bir-birini islese,
gabanmasyn bizden göreş meýdanyn,
ýaşamagy öwreneli, Baýramgül,
manysy bolmasa gynamaň jany?!