Moda

Garaşyp ýadady millet,
o daýynyň ölerine,
başga daýyň gelerine,
ýogsa ozal öldi biri,
soň ýerine geldi biri,
ownuk bolsa, çöpläp, alyp,
özi boljak bolup iri,
wah, geçiniň jan gaýgysy,
ýag gaýgysy gassap-piriň;
garaşyp ýadady millet
bolçulygyň bolaryna,
garnyn suwa atyp ýatdy,
hepde ötdi, aý, ýyl ötdi,
ömür geçdi ýetde-gütde,
o birinde köşgi-eýwan,
o birine ýetdi hütde,
beýlekisi ýat illerde,
çörek atly, il pyýada,
garaşyp ýadady millet,
nämemiş, garaşmak moda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024