Adam we adalat
Näme boldy, düşünmedim, bilmedim,
adamyň ýadyna adalat düşdi,
adamyň ýadyna düşdi tussaglar,
syýasy tussaglar, iň täsin ýeri,
adyny tutmakdan gorkany ozal,
diňe gorkmak ýeterlik däl, elbetde,
ozal tagta golaý duran adamlar,
çolaşanlar emeline azda-kän,
ýa-da gazyp, gazanyna düşenler,
ýa-da ýakyp, ýakanyna bişenler,
belki-de bigünä, ýa-da çydaman,
ahyrynda dogry ýola gelenler,
hak iş üçin başyn goýup ölenler,
ýa-da heniz gözün açyp ýatýanlar,
görjek bolup, birden gapy açylsa,
adamyň ýadyna adalat düşdi,
tussag däller düşdi ogurlyk edip,
ili talap, ýurdy talap her günde,
gözüniň ýagyny iýýän milletiň,
üstesine düşdi mejbury zähmet,
ýüz ýyl bäri bardy bular, eý, alla,
müň ýayl bäri bardy bular, ýaradan,
ýene-de bolmaly ol ýa bu halda,
adamyň ýadyna hakykat düşdi,
näme bolýar, düşünmersiň, bilmersiň,
gabyrda däl, bolsaň ýolda.