Il meselesi
Ile bagly,
halka bagly
nä-neneňsi ýurt boljagy,
nä-neneňsis dikeljegi,
nä-näneňsi saklanjagy,
bolmajagy ejiz, selki,
has beteri, dünýä gülki,
gaz-nebite çümüp durka,
tezek ýakyp, tapsa, belki.
Ile bagly,
halka bagly,
bagly, meger, adamlara,
kanunlary boldy ýa ýok,
kanunsyz ýaşamak ömrün,
polis görse, para berip,
para berip otla münse,
barsa uçar menziline,
ýa geçitden geçjek bolsa,
ýurt içinde ýa daşynda,
hukuk goran boýdan-başa
para alsa azgyrylyp,
häkim bolan azsa diňe,
her ütenne bolup monça,
gandalyny gazanýança...
Bu zamana o zamana,
ol ozalky döwürler däl,
açyk ähli ogurlyklar,
uran urýar uly, kiçi,
görünmejek bolman asla,
tersine, güjeňläp malyn,
halalyn däl, ogurlanyn,
uly bolan bolýar örän,
il-günüň ýüzünden ýöräp.
Ile bagly,
halka bagly
kim bolasy gelse munda,
egilse-de özi edýär,
döwülse-de özi edýär,
özi gelýär iliň ýola,
ýa-da ýoldan özi gidýär.
Ile bagly,
halka bagly
özi bolmak ýa bolmazlyk,
çagalary bilen gedaý,
elin serip aç galmazlyk,
ýa-da gel-de gutar diýip,
öňýetene ýalbarmazlyk,
görüp durka geljek ýogun,
görüp durka gitjek hemme,
müň bir ýaşa diýip, ýylan,
emma diňe maňa degme?!.