Nobatdaky ogrynyň talaby

Ozal emel ýetip, ogurlyk edip,
soň emelin ýitirenler ýadatdy,
hoňňy-hoňňy, yňňy-syňňy,
ogurlanyn bukup, ýygnap,
pida bolan bolup oýnap,
indi başga mesele bar,
emel ýetjek maňa diýip,
iňirdeýär käbirleri,
gazap edip gygyrýar ýa,
ýasaň diýip menden lider ,
aýdyp bilmän göni, dogry,
bolup bilse boljak ogry.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024